Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
22.12.22 - 16:31«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär.
Täze binada, amatly şertlerde
22.12.22 - 16:33Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýaly röwşen ýoly uly ynam bilen ýöredýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyz sözüň doly manysynda uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Biri-birinden owadan, işlemek, ýaşamak üçin amatly ymaratlar oba-şäherlerimize görk berýär. Şeýle binalaryň biri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň adybir obasynda peýda boldy.
Baýramçylygyň hormatyna
13.12.22 - 11:28Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlary ajaýyp üstünliklere beslenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp sowgatlar bilen garşy aldylar. Şolaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy hem bar.
Ýurt garşy alsyn!
13.12.22 - 11:29Goşa baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Seýdi şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleriniň maşgalalary üçin dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.
Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar
13.12.22 - 11:30«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän gaz gysyjy önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly senesini hem-de 14-nji dekabrda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenip geçiljek öz hünär baýramçylyklaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.
«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi
06.12.22 - 12:27Ýurdumyzda giňden toýlanyljak goşa baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 60-njy ulanyş guýusy agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, önümçilige girizildi.
Hem gymmatly, hem islegli baýlyk
29.11.22 - 11:29Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar.
Suw arassalaýjylaryň hyzmaty
22.11.22 - 10:13Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerinde täze ulanyş guýularynyň önümçilige girizilmegi bilen «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberleriniň artmagynda hyzmat ediş kärhanalarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.
Gerimli we netijeli gözlegler
22.11.22 - 10:14Biz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň baş geology Şanazar Anarow bilen habarlaşyp, şanly ösüşlere, taryhy wakalara baý bolan ýylyň geçen aýlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyk.
Beýik başlangyçlar rowaçlanýar
22.11.22 - 11:09Ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň bellenilýän dekabr aýynda beýik başlangyçlaryň birnäçesine ak pata berlip, uly öwrülişikler nebitgaz ulgamynda hem amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda dört döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu halkara gaz geçirijisi Türkmenistanyň çäginden Hindistana çenli 1814 kilometre uzalyp gidýär.
Gaz üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz
15.11.22 - 11:45Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplaryndaky hem-de şäherlerindäki işlerini döwrebap guraýan gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň tutanýerli zähmeti arkaly «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär.
Suw gözleýjileriň guwandyryjy netijeleri
15.11.22 - 11:46«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylyň on aýyny netijeli jemlemek bilen, noýabr aýynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler.
Sargytlar ýerine ýetirilýär
08.11.22 - 10:45Nebitgazly ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işleriniň netijeliligini gazanmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk etmegiň hötdesinden gelýärler.
Harytlyk gaz daşary bazara ugradylýar
08.11.22 - 10:46«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýigrimi bäş milliard iki ýüz elli dört million bäş ýüz ýigrimi alty müň kub metr tebigy gaz çykaryp, meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Şu gazanylan önümçilik görkezijisinde müdirligiň 2-nji gaz çykaryş we deslapky taýýarlaýyş sehiniň gazçy hünärmenleriniň, işçileriniň hem mynasyp paýy bar.
Garadaşlydaky gerimli işler
08.11.22 - 10:47Islendik zähmet adamy üçin bitirýän işiniň miwesini görmek uly bagt. Şonda gazanylan gowy netijeden çäksiz kanagatlanma alnyp, ynsan ömri çuňňur many-mazmuna beslenýär. Şeýle ýakymly pursatlar Timur Bazarowyň durmuşynda hem az bolanok. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Ol «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda buraw ussasy bolup zähmet çekmek bilen, ýer astyndaky baýlyklaryň üstüni açmak, ýurdumyzyň baýlyk gorlaryny artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli iş bilen meşgullanýar.